SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

Türkiýäniň “Türk Hava Ýollary” (THY) awiakompaniýasy Aşgabat-Stambul-Aşgabat ugry boýunça uçuş maksatnamasyny ep-esli artdyrandygyny yglan etdi. 2026-njy ýylyň 29-njy martyndan başlap, her iki ugur boýunça gatnawlaryň sany hepdede 17-ä çenli ýokarlandy we bu meýilnama 25-nji oktýabra çenli güýjünde galar.

Täzelenen tertibe görä, THY her gün iki ugur boýunça dört gatnawy (TK 322–325) amala aşyrar. Şeýle hem sişenbe, anna we ýekşenbe günleri ýene iki sany goşmaça gatnaw (TK 320 we TK 321) goşular. Şunlukda, awiakompaniýa belli günlerde Aşgabatdan üç we Türkmenistanyň paýtagtyna üç gonuş mümkinçiligini üpjün eder.

Uçuşlar awiakompaniýanyň häzirki zaman uçarlar parky arkaly amala aşyrylar, bu bolsa syýahatçylar we işewürler üçin ýokary derejeli amatlylygy kepillendirýär. Stambul dünýäniň ýüzlerçe nokadyna birikdiriji merkez  bolmagynda galýar, Aşgabat bolsa halkara gatnaşyklary üçin goşmaça mümkinçilikler alýar.

Kompaniýa bu karary Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky syýahatçylyk isleginiň artmagy bilen düşündirdi. Gatnadyjynyň wekilleri maksatnamanyň giňeldilmeginiň diňe bir syýahatçylyk däl, eýsem iki ýurduň arasyndaki ykdysady we medeni gatnaşyklary hem berkitjekdigini nygtadylar.

Ýolagçylara petekleri “Türk Hava Ýollary” awiakompaniýasynyň resmi web saýtyndan ýa-day akkreditirlenen agentliklerden öňünden sargyt etmek maslahat berilýär. Häzirki wagtda uçuş tertibini awiakompaniýanyň saýtyndan barlap bilersiňiz — uçuş wagtlarynda az-kem üýtgeşmeleriň bolmagy mümkin.

Ýene-de okaň

Özbegistan 3 aýda 2,8 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri