SPORT

Dunaýdan Orhona çenli Ýüpek ýoly rallisi Türkmenistandan geçdi

“Dunaýdan Orhuna çenli Ýüpek ýoly” ýeňil awtoulaglaryň ilkinji rallisine gatnaşyjylar Tükmenistana geldiler. Olary ýurduň resmi adamlary garşyladylar we paýtagtymyzyň gözel ýerlerine aýlandylar diýip, “Mir” teleýaýlymy habar berýär.

Bu ralli Türkiýe Respublikasyndan badalga alyp, türki halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmek maksady bilen geçirilýär. Bu ralli ýaryşyna gatnaşyjy türgenler Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldiler. Olary resmi adamlara myhmansöýerlik bilen garşyladylar. Şeýle hem bu topar Türkiýäniň ilçihanasynda boldular.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral ralli gatnaşyjy türgenler bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Şeýle hem ralli ýaryşyna gatnaşyjylar Aşgabadyň gözel künjekleirne baryp gördüler.

Awtoralliniň esasy maksady günbatar bilen gündogary birleşdirmekden we bu sebitlerdäki halklaryň dostlugyny berkitmekden ybarat.

Umaman, türgenler 11 müň kilometr ýol geçip, Mongoliýada rallini jemlärler.

Related posts

Sport janköýerlerine ýene-de bir “El-Klasiko” garaşýar

Aziýa çempionatynda ýene bir medal gazandyk

Ertir Döwletjan Ýagşymyradow Simon Biýong bilen duşuşar