SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýylda 1 milliard doza sanjym öndürmegi meýilleşdirýär

Häzirki wagtda täze görnüşli koronawirusa (COVID-19) garşy sanjymlar giňden önümçilige ornaşdyrylýar. Hytaý ýylda 1 milliard dozada sanjym öndürmek mümkinçiligini gazanmagy maksat edinýär. Milli saglyk komissiýasynyň işgäri Çing Kongweý metbugat ýygnagynda täze zawodlar bilen ýurduň önümçilik kuwwatyny ýylyň ahyryna çenli 610 million doza çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýändiklerini we indiki ýyl 1 milliard doza sanjym öndürmek mümkinçiligine ýetmegi maksat edinýändiklerini aýtdy. Çing häzirki wagtda işlenip düzülýän sanjymlaryň giňden ulanylmaga taýýardygyny aýdyp, ilki bilen saglygy goraýyş işgärlerine, serhet işgärlerine we töwekgelçilik toparyndaky ýaşuly ilata sanjym ediljekdigini, soň bolsa giň halk üçin sanjym toparlarynyň geçiriljekdigini aýtdy.

Şeýle-de, Hytaýyň derman kärhanasy bolan “SinoVac” Pekiniň günortasynda “CoronaVac” atly COVID-19 sanjymy köpçülikleýin öndürmek üçin ýylda 500 million dozany öndürip bilýän zawod açdy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maglumatlaryna görä, Hytaýda 10 sanjymynyň kliniki synaglary dowam edýär. Bularyň 4-si birinji tapgyrda, 2-si ikinji tapgyrda we 4-si üçünji tapgyrda synag edilýär.

Dünýäde 29 sanjym kliniki synagda

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maglumatlaryna görä, 22-nji sentýabrda COVID-19 pandemiýasyna garşy 38 sanjym kliniki synaglarda we 149 sanjym kliniki deslapky baha beriş tapgyrynda.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

Ýene-de okaň

Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlaryny gaýtadan dikelder

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” içerki gatnawlaryň tertibini täzeledi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin goşmaça howa gatnawlary ýola goýar

Rus lukmany Türkmenistanda ýerli hünärmenler bilen tejribe alyşýar

Pars aýlagy üçin bitewi syýahatçylyk wizasy döredilýär

Üçýyldyz 23-nji iýulda dogdy