JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

1-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew sapar bilen Azerbaýjana bardy.

“AZERTAJ” habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde myhmany Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministriniň birinji orunbasary Elnur Aliýew, daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow hem-de beýleki resmi adamlar garşy aldy.

Ozal hem habar barşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Azerbaýjana amala aşyrýan saparynyň öňüsyrasynda Gruziýa Respublikasynda saparda bolup, birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi.

Related posts

Gelmegiň Gerek

vepa

Arkadag şäheriniň ýerli býujeti taýýarlanýar

«Arkadagyň nesilleri» atly çagalar dynç alyş merkezi açyldy

Ata Watan Eserleri