DÜNÝÄ

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

«Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygynyň orunbasary Sadyk Safoýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilýän «Merkezi Aziýa- Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin iberen çakylygy üçin hoşallygyny beýan edip, bu forumyň  üstünlikli geçmegi baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Taraplar döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda netijeli häsiýete eýe bolýandygyny, köp asyrlyk türkmen-özbek gatnaşyklarynyň baý tejribesiniň esasynda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara hyzmatdaşlykda uly ösüşleriň gazanylandygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, ýurtlaryň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, ikitaraplaýyn formatda bolşy ýaly, halkara guramalaryň çäklerinde hem özara bähbitli gatnaşyklar esasynda yzygiderli ösdürilýändigi we pugtalandyrylýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigini we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň, ýaş we zenan parlamentarileriň duşuşyklarynyň geçirilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary