JEMGYÝET

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) agza we synçy döwletleriniň hökümet baştutanlarynyň mejlisi geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew gatnaşdy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) agza we synçy döwletleriniň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy. Duşuşyga  Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri Abdulla Aripow, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Adylbek Kasymalyýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň premýer-ministri Unal Ustel hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew gatnaşdy.

Azerbaýjanyň metbugatynyň habaryna görä, myhmanlar Azerbaýjana Türk döwletleriniň guramasynyň agza döwletleriniň hökümet baştutanlarynyň Bakuda geçirilýän duşuşygyna gatnaşmak üçin sapar bilen geldiler.

Related posts

Saýlaw-2022: Türkiýede ses bermek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti: Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris

Türkmen Lideri, Özbekistan Yeni Devlet Başkanını kutladı

vepa