JEMGYÝET

Rasul Klyçew bilen ajaýyp pursatlar size garaşýar

Siz biz bilen ajaýyp agşamy bile geçirmek isleýärsiňizmi?  Onda sizi 2020-nji ýylyň mart aýynyň 18-ine sagat 19:00-da geçiriljek Rasul Klyçew bilen bilelikde Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestriniň nusgawy sazlaryny diňlemage çagyrýarys. Bu konsert paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda geçiriler.

Konsertde dünýä belli simfoniki sazlar ýaňlanar.

Birinji bölümde “Azat nyşançy”  atly sazly operasy, ikinji bölümde bolsa, Çaýkowskiniň “Fantaziýa Françeska da Rimi”  atly eseri aýdym-saz muşdaklaryna ýetiriler.

Şeýle hem, Çaýkowskiniň “Ukydaky gözel” operasyndan käbir bölekler hem ýerine ýetiriler.

Related posts

Türkmenistan ile İran enerji işbirliğini arttıracak

vepa

Tokio-2020: Türkmen türgeniniň üstünligi suratlarda

Ata Watan Eserleri

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy