JEMGYÝET

Dünýäniň iň ýaşuly erkek adamy aradan çykdy

Mälim bolşy ýaly, golaýda Ýaponiýanyň raýaty 112 ýaşly Çitetsu Watanabe Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan “Dünýäniň iň ýaşuly erkek adamy” hökmünde kabul edilipdi. Soňky habarlara laýyklykda Watanabeniň aradan çykandygy mälim edildi.

Ýaponiýanyň Niigata sebitinde ýaşaýan Watanabe 1907-nji ýylyň 5-nji martynda dünýä inipdi. Ol garrylar öýünde ýaşaýardy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň ygtyýarlylary dünýäniň iň ýaşuly adamy hökmünde oňa şahadatnamasyny garrylar öýünde gowşurypdy.

Daýhan maşgalasynda dünýä inen Watanabe 20 ýaşynda Taýwana gidip, şol ýerde 18 ýyl ýaşapdyr. Soňra Beýik Watançylyk urşundan soňra dogduk watanyna dolanypdyr. Watanabeniň 5 çagasy, 12 agtygy, 16 çowlugy ve 1 ýuwlygy bardy.

Ýaponiýanyň Hokkaida sebitiniň raýaty Masazo Nonaka 113 ýaşynda aradan çykandan soňra Watanabe dünýäniň iň ýaşuly erkek adamy diýen derejä eýe bolupdy.

Dünýäniň iň ýaşuly ýaşaýjysy derejesi hem ýaponlara degişlidir. 117 ýaşly Kane Tanaka bu derejäniň eýesidir.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar