PEÝDALY MASLAHAT

«Ýazga durmak» hyzmaty dolulygyna sanlylaşdyryldy

Hormatly Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary!

Aşgabat şäher häkimligi Ýaşaýyş jaýlaryny hasaba alyş, paýlaýyş we resmileşdiriş müdirliginiň «Ýazga durmak» boýunça hyzmatynyň indi dolulygyna sanly görnüşe geçirilendigini mälim edýär.

Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bu döwrebap hyzmatlar ulgamy Aşgabat şäher häkimliginiň Sanly hyzmatlar portaly arkaly elýeterlidir.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri:

— Raýatlaryň ýaşaýyş jaýlary boýunça ýazga durmak bilen bagly ähli ýüztutmalary onlaýn kabul edilýär.

— Hyzmatyň tizligini we amatlylygyny ýokarlandyryp, kagyz işlerini azaltmak.

— Islendik ýerden, islendik wagt hyzmatdan peýdalanmaga mümkinçilik döretmek.

Sanly hyzmatlarymyzdan peýdalanmak üçin, Aşgabat şäher häkimliginiň resmi Sanly hyzmatlar portalyna girip bilersiňiz.

Aşgabat şäher häkimliginiň Sanly hyzmatlar portaly siziň hyzmatyňyzda.

Related posts

Ýerden we ýer böleklerinden peýdalanmak hukugy barada maglumat

Ýumşajyk gök önümli kebap

Ata Watan Eserleri

Ýer we beýleki gatnaşyklar bilen bagly köp ýüze çykýan soraglara kanuny jogaplar