TEHNOLOGIÝA

Ýaponlar iň güýçli kompýuteri işe girizdiler

Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň işläp düzen “Fugaku” superkompýuteri dünýäde iň çalt işleýän kompýuter diýlip, ykrar edildi. Metbugat gulluklarynyň habar bermegine görä, Ýer ýüzündäki iň güýçli superkompýuterleri kesgitleýän halkara “Top-500” taslamasynyň hünärmenleri ýapon bilermenleriniň taýýarlan kompýuterine ýokary baha berdiler.

“Fugaku” kompýuteri senagatda, emeli aň ulgamynda we köp sanly derňewde ulanylanda iň gowy görkezijini görkezip, beýleki üç kategoriýada birinji ýeri eýeledi. Bu superkompýuter “Fujitsu” elektrik korporasiýasy bilen ýokarda ady agzalan institutyň hünärmenleri bilen bilelikde döredildi. Sekuntda 415 kwadrilliondan gowrak hasaplamagy başarýar. Bu görkeziji ABŞ-nyň Milli barlaghanasynyň (Tennesi ştaty) “Summit” superkompýuteriniň tizliginden takmynan 2,8 esse ýokary. 2019-njy ýylyň noýabr aýyndan bäri, sanawda birinji ýerde durýar.

“Fugaku” maý aýynda Kobe şäheriniň “Kompýuter gözleg merkezine” gowşuryldy. Onuň 2021-nji ýylyň aprelinden doly kuwwatlylygynda işläp başlamagyna garaşylýar. “Fugaku” şu wagta çenli diňe bölekleýin ulanylýar, şol sanda täze koronawirusa garşy dürli dermanlaryň döredilmegi bilen baglanyşykly ösüşler üçin niýetlenilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Şanhaýda geçirilýän Bütindünýä emeli aň maslahatyna gatnaşýar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy “Robototehnika” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna 5G tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi