JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby çapdan çykdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden soňra özüniň ýene-de bir kitabyny tamamlandygyny habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiz täze kitabyny “Abadançylygyň röwşen gadamlary” diýlip atlandyrandygyny mälim etdi. Hormatly Prezidentimiz bu kitabynda halk köpçüliginiň öňünde eden çykyşlarynyň ýygyndysydygyny belledi.

“Kitapda ýurdumyzy ösdürmegiň dürli ugurlary, daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar boýunça meniň pikirlerim jemlenendir. Aýratyn hem döwletimizi geljekde ösdürmek boýunça köp teklipler hem bar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz bu kitabyň peýdaly we gyzykly gollanma boljakdygyny nygtady.

Şeýle-de, bu kitap ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat boldy.

Mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň bu kitabynyň ýurdumyzyň diplomatlary üçin ýolgörkeziji boljakdygyny belledi.

 

Milli Liderimiz “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryÅŸ nyÅŸany bilen sylaglandy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystana sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Eýran hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady

Türkmenistanyň daşary işler ministri Adem Kula bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanda “Galkynyşgaz” döwlet kärhanasy dörediler

Ata Watan Eserleri