DÜNÝÄ

Milli Liderimiz “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

Şu gün hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, şol mejlisden soňra Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany gowşuryldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy.

Milli Liderimize bu sylag dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda,  «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany döredilipdi.

 

Saýlaw-2022: ýene-de 2 dalaşgär hödürlenildi

Related posts

Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy

Türkiýede Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi

Howaýy maglumatlar barada