JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Türki geňeşiň sammitine gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäheriniň Demokratiýa we erkinlik adasynda  Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň VIII sammiti geçirildi.

Oňa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban we Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň baş sekretary Bagdad Amreýew gatnaşdy.

Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, “Ýaşyl tehnologiýalar we sanly döwürde akylly şäherler” mowzugynda geçirilen sammitiň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli köp sanly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu taryhy sammit bilen guramanyň başlyklygy Azerbaýjan Respublikasyndan Türkiýe Respublikasyna geçdi. Sammitiň çäklerinde Türki geňeşiň mejlisiniň jemleri boýunça Stambul jarnamasynyň kabul edilmegi göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem döwlet Baştutanlary sebit we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar. Döwletleriň arasyndaky syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly pikir alyşmalar geçirdiler.

Mundan başga-da, taryhy sammitde, Türkmenistanyň synçy agza hökmünde bu gurama gatnaşmagy, üçünji ýurtlar we guramalar bilen gatnaşyklary hem-de synçy agzalygyň ölçeglerini kesgitlemek, Türk maýa goýum gaznasynyň döredilmegi, guramanyň orta we uzak möhletli maksatlaryny öz içine alýan “Türki dünýäsi-2040” maksatnamasynyň tassyklanmagyna degişli möhüm kararlar kabul edildi.

 

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň duşuşygy

Hormatly Prezidentimiz Türki geňeşiniň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele boljak saparyna taýýarlyk görülýär

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy