JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha berip, iki ýurduň strategik gatnaşyklaryny ösdürmäge rus Lideriniň hut özüniň berýän ünsüni we uly goşandyny aýratyn belledi. “Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky wagtyň synagyndan geçen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris” diýip, hormatly Prezidentimiz hatynda nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Putine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işinde üstünlikleri, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine “Mert” atly garabag bedewi sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda resmi dabara bilen garşylandy

Ata Watan Eserleri