MEDENIÝET

Jeki Çanyň täze kinosy Gazagystanda surata düşürer

Tanymal hytaýly aktýor Jeki Çanyň meşhur “Taňrynyň esbaplary” (“Доспехи Бога”) atly çeper filiminiň 4-njisi Gazagystanda surata düşüriler. Bu barada “Salem Entertaiment” mediakompaniýays habar berdi.

Golaýda meşhur aktýor Gazagystanda saparda bolup, özüniň täze filminiň düşüriljek ýerleri barada maglumat aldy.

– Biz Jeki Çanyň Almaty şäherine geleniniň uly seslenme döredendigini bilýaris. Gürrüň täze film – “Taňrynyň esbaplary: Ultimatum” atly filmiň üstünde işlemek barada gidýär” diýip, kompaniýa jemgyýetçilik torlarynda habar berdi.

Jeki Çanyň bu filminiň ilkinjisi 1986-njy ýylda surata düşürilipdi. Şondan soňra bu filmiň ýene-de 2-si surata düşürildi we olar tutuş dünýäde tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Related posts

Kino durmuşy üstünliklere baý aktýor

Ata Watan Eserleri

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Monetiň eseri 25 ýyldan soň auksiona çykarylar