JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün säher bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Paýtagtymyzda geçirilen ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.  Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Aşgabat şäheriniň «Welosiped» binasynyň ýanyndan badalga alan ýöriş Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen Ruhyýet köşgüniň deňindäki pellehana çenli dowam etdi.

Ýörişiň başlanan ýerinde we geçýän ugrunda medeniýet, sungat ussatlarynyň aýdym-sazlary, sport görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň bu sene mynasybetli halkymyza ýollan Gutlagynda belleýşi ýaly,  Gahryman  Arkadagymyzyň esaslandyran bitewi, dowamly hem-de strategik döwlet syýasaty esasynda, Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnamasynyň, şeýle hem «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi tutuş halkymyzy, ilkinji nobatda, ýaş nesilleri çäksiz begendirdi, buýsandyrdy.

 

 

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli gutlag haty

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar