JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa bardy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary başlandy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz her ýylyň ahyrky aýynda Russiýada geçirmek däbe öwrülen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Aşgabadyň halkara hoa menziline geldi. Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Birnäçe wagtdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň howa menziline gondy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça bu resmi däl duşuşyga Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýar.

Her ýyl Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirmek däbe öwrülen bu duşuşyk 2017-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär we 2018-nji ýyldan bäri ol Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk eder.

Related posts

“Ata Watan Eserleri” bäsleşiginiň ýeňijisi türkmen metbugatynda

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Ermenistan Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

vepa