DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Serbiýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherindäki Prezident köşgünde Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) E.M.Aýdogdyýewiň bu ýurduň Prezidenti jenap Aleksandr Wuçiçe Ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda Ilçi E.M.Aýdogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döwlet Baştutanyna, şeýle hem Serbiýanyň halkyna ýollanan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Öz gezeginde Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallygyny beýan etdi we türkmen diplomatyny ýokary derejeli wezipesine bellenilmegi bilen gutlady hem-de Türkmenistan bilen Serbiýanyň arasyndaky özara dostlyk gatnaşyklarynyň iki ýurdyň bähditlerinden ugur alyp mundan beýläk hem ösdüriljekdigini belledi.

Şeýle-hem, iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwdä-ykdysady we medeni ynsanperwer ugurlary boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça soraglaryň üstünde durlyp geçildi.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Rabab Fatima bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýokary derejeli halkara suw maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisinde Koreýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

«Galkynyş» topary Türkiýede geçirilen halkara festiwala gatnaşdy