DÜNÝÄ

Ýapon çagalaryna Magtymgulynyň ömri we döredijiligi tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy bilen Ýaponiýanyň «Fujisan Çidama» atly çagalar geňeşiniň bilelikde guramagynda 2023-nji ýylyň 28-nji iýulynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tanyşdyrylyş duşuşygy geçirildi.

Bu çärä «Fujisan Çidama» geňeşiniň çagalary, mekdep okuwçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanda ýaşlar syýasatyny amala aşyrmaga aýratyn üns berilýändigini we ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän özgertmeleriň özüniň oňyn netijelerini berýändigini bellediler.

Şeýle hem, duşuşyga gatnaşýan çagalar we mekdep okuwçylary türkmen halkynyň nusgasy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen tanyşdyryldy.

Related posts

Moskwa şäherinde türkmen-rus geňeşmeleri geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri eýran kärdeşini gutlady

Leave a Comment