DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi “Krokus Siti Holl” toplumyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Russiýa Federasiýasynyň “Krokus Siti Holl” toplumyna 2024-nji ýylyň 22-nji martynda bolup geçen pajygaly wakada gurban bolanlaryň hatyrasyna geçirilen gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu gül goýmak dabarasyna Russiýa Federasiýasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň 130-synyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti ilkinjileriň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Krasnogorsk şäherindäki «Krokus siti holl» konsert zalynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýaragly hüjüm we partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýandygyny mälim edipdi.

Related posts

Dünýäniň iň uly syn ediş çarhy

Tom Kruz Pariž Olimpiadasynyň ýapylyş dabarasynda çykyş eder

96 Ofis ve Ticari binası : Özel sektöre büyük destek

vepa