DÜNÝÄ

Türkiýede ýer titredi

Türkiýe Respublikasynda şu gün daňdan ýer titredi. Bu pajygaly tebigy hadysa Türkiýäniň Kahramanmaraş welaýatynyň Pazarjyk etrabynda bolup geçdi. 7,7 bal ululygynda bolup geçen ýer titreme zerarly köp sanly adam pida boldy we uly zeper ýetdi.

Şol bir wagtda Türkiýäniň ençeme sebitinde bu tebigy hadysa öz täsirini ýetirdi. Şeýle hem Türkiýäniň merkezi sebitlerinde emele gelen bu tebigy hadysa Ýakyn Gündogar ýurtlarynda hem täsirini bildirdi.

Siriýa, Liwiýa, Yrak we Müsür ýaly döwletleriň jaýaşjylary hem ýer titremäniň täsirini duýdy.

Soňky maglumatlara görä, şol sebitde gündiz wagty 7,6 bal ululygynda ýene-de tebigy hadysa bolup geçdi.

Türkiÿâniñ Kahramanmaraş welaýatynda bolup geçen we birnäçe welaýatlana hem ýiti täsirini ýetiren ýer titreme zerarly Türkiýe döwletine we türk halkyna çuñnur gynanjymyzy bildirýäris.

Related posts

Keýt Middlton öý kömekçisini gözleýär

Ata Watan Eserleri

Mintimer Şaýmiýewe Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlar toplumy gowşuryldy

Aşgabatda hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi

Leave a Comment