DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Eýrandaky baş konsullygy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

30.05.2022ý senede Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Eýrandaky Baş konsullygy Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Gadir seýilgähinde köpçülikleýin welosiped ýörişini «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda gurady. Bu barada Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsullygynyň resmi “Instagram” sahypasynda bellenilip geçilýär.

Baş konsullyk, bu çärä gatnaşandyklary we bedenterbiýe, saglyk we sport hereketiniň ösmegine, jemgyýetiň ekologiki medeniýetiniň ösdürilmegine goşant goşandyklary üçin hormatly gatnaşyjylara we raýatlarymyza minnetdarlyk bildirýär.

Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda döredildi we her ýylyň 3-nji iýunynda dünýäde giňden bellenilip geçilýär.

 

 

“Finalissima-2022”: Italiýa-Argentina

Related posts

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Gyrgyzystanda saparda boldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Eýrana sapary meýilleşdirilýär

Parlamentara forumy suratlarda

Ata Watan Eserleri