JEMGYÝET

Türkmenistandan Russiýa nobatdaky ýörite uçar gatnawy

2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Türkmenabatdaky halkara howa menzilinden Russiýa Federasiýasyna nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Uçar gatnawy Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan gurnaldy.

Şol habarda bellenilişi ýaly, bu gezekki uçar sapary bilen 173 adam Russiýa gitdi. “S7” rus awiakompaniýasynyň “8536” belgili gatnawy amala aşyryldy.

Bu uçar gatnawy Russiýanyň ilçihanasynyň gurnamagyndaky 10-njy gatnawdyr. Ol hem 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri gurnalyp gelýär. Şonda Türkmenistandan tarapyndan halkara uçar gatnawlaryny amala aşyrmak wagtlaýynça togtadylypdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 25-nji martynda hem Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda Russiýa ýörite uçar gatnawy amala aşyrylypdy. Şol gatnaw bilen 176 adam Russiýa gidipdi.

 

Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahaty geçirildi

 

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar