BILIM

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda “Açyk gapylar” güni

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty 2021-2022-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary institut bilen tanyşdyrmak maksadyndan ugur alyp,
«AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.
«Açyk gapylar» gününde bilime-ylma höwesli ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek barada alyp barýan syýasatynyň institutda durmuşa geçirilişi, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilen sepgitler, taýýarlyk ugurlary we hünärleri, okuw, usulyýet, ylmy, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen işjeň meşgullanmak üçin döredilen mümkinçilikler, döwrebap okuw otaglary, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri bilen tanyşdyrylar.

«Açyk gapylar» güni görkezilen salgyda 2021-nji ýylyň 10-njy aprelinde we 1-nji maýynda sagat 15:00-da başlanýar.
Salgysy: Aşgabat şäheri,
Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 40-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
22-65-40, 22-65-70.

 

Muhammet Baýram han Türkmene bagyşlanan halkara maslahat

Ýene-de okaň

Türkmen-Italýan ylym-bilim gatnaşyklary täze tapgyra gadam basýar

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “THE Sustainability Impact Ratings 2026” dünýä reýtingine girizildi

Türkmen-türk gatnaşyklarynda bilimiň orny

“Hytaýyň ilçisiniň talyp haky” atly taslama boýunça ýeňijiler sylaglandy

Türkmenistan bilen Hytaý bilim boýunça täze ylalaşyklara gol çekişdi

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler