JEMGYÝET

Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň birinji tapgyry açylar

Ertir, ýagny 29-njy oktýabrda Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň birinji tapgyrynyň açylmagy meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň birinji tapgyrynyň, ýagny Aşgabat-Tejen böleginiň açylyp ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabaranyň meýilnamasy barada hasabat berildi.

Dabara gatnaşyjylar dolandyryş merkeziniň işi, ulag serişdelerine hyzmat ediş zolaklary, töleg terminallary, howpsuzlygyň we gözegçiligiň elektorn ulgamlary, şeýle hem sürüjiler we ýolagçylaryň dynç almaklary üçin döredilen şertler bilen tanşarlar.

Mälim bolşy ýaly, umumy bahasy 2 milliard 300 million ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygy ýurdumyzyň telekeçilerine ynanyldy. Bu taslamany 3 tapgyrda, birinji tapgyrda Aşgabat — Tejen bölegini, ikinji tapgyrda Tejen — Mary bölegini, üçünji tapgyrda Mary — Türkmenabat bölegini gurmak meýilleşdirildi.

Şonuň netijesinde, bu taslamanyň birinji tapgyry bolan Aşgabat-Tejen bölegi ulanmaga taýýar edildi.

Ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoluny TSTB-niň agzalary bolan «Altyn Nesil», «Hyzmat Merkezi», «Oguz Ýol», «Nusaý Ýollary» telekeçilik düzümlerinden we beýleki kömekçi potratçy guramalardan ybarat «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gurýar.

 

Eýran Türkmenistana bolan tebigy gaz bergisini üzmegi meýilleşdirýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri diplomatlar bilen Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidentini Ga­raş­syz­lyk gü­ni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy