JEMGYÝET

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Jidde we Dubaýa gatnawlary wagtlaýyn togtatdy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän aşakdaky ugurlar boýunça howa gatnawlaryň 2026-njy ýylyň 02-nji martyndan 04-nji martyna çenli togtadylýandygy barada habar berýäris:

• Aşgabat — Dubaý — Aşgabat
• Aşgabat — Jidda — Aşgabat

Ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiabiletlerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp bilerler, ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip bilerler.

Şunuň bilen baglylykda, ýolagçylar awiabiletlerini yzyna gaýtarmak ýa-da uçuş senesini üýtgetmek üçin satyn alan ýerlerine ýa-da awiakompaniýanyň wekilhanalaryna ýüz tutmaklygy maslahat berýäris. Şeýle-hem, https://turkmenistanairlines.tm/ web sahypasynda we online platformalarynda satyn alynan awiabiletler yzyna gaýtarylan ýagdaýynda pul serişdeleri töleg geçirilen bank kartyna yzyna gaýtaryljakdygy barada habar berýäris.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän howa gatnawlaryň ýagdaýlary baradaky iň soňky maglumatlary awiakompaniýanyň resmi saýtyndan we resmi habarlaşyk kanallaryndan yzarlamagyňyzy haýyş edýäris.

Ýüze çykan oňaýsyzlyklar üçin ötünç soraýarys we düşünişýändigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýäris.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

1. Jidda:
• Telefon belgisi: +90 545 575 15 83
• Elektron salgy: ops@favorite-ias.com
2. Dubai şäheri:
• Telefon belgisi: +971 50 280 05 08
• Elektron salgy: ticket.mida@gmail.com
3. Türkmenistan:
• Telefon belgileri: +993 12 39-17-78, 23-03-15, 23-03-18
• Elektron salgy: info@turkmenistanairlines.tm

Hormatlamak bilen,
«Türkmenistan» awiakompaniýasy

Ýene-de okaň

C5+1: Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň medeniýet ministrini kabul etdi

Arkadag şäherinde ilkinji gezek Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Iýul aýynda Aşgabatda türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň mejlisi geçiriler

Türkmenistanda Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni we Azerbaýjan Medeniýet günleri bellenildi

Aşgabatda “Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni” atly sergi geçirildi