DÜNÝÄ

Türkmenistandaky Täze ýyl baýramy hytaý teleýaýlymynda

Hytaý Halk Respublikasynyň “CGTN” teleýaýlymynda Türkmenistandaky Täze ýyl baýramçylygyna görlen taýýarlyklar barada habar berildi. Hytaýyň iri teleýaýlymy hem-de rus dilinde ýaýlyma çykýan bu telewizion ýaýlymy Türkmenistanyň Halkara habarlar merkeziniň hyzmatdaşydyr.

Teleýaýlymyň resmi saýtynda “Täze ýyly bilelikde garşylaýarys” atly gepleşik toplumynda Türkmenistandaky Täze ýyl baýramçylygy barada hem reportažlar berildi. Şu gepleşik toplumyndaky wideoýazgylar bilen dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hytaýyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary Türkmenistan döwletimiz barada habarly bolýarlar.

Teleýaýlymyň gepleşiginde ýurdumyzdaky Täze ýyl baýramçylygynyň geçirilýän ýerleri, hususan-da “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançadaky Baş arçamyz, paýtagtymyzyň dürli künjekleride açylan baýramçylyk söwda satuw nokatlary barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar