JEMGYÝET

2024-nji ýyl – “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edildi

Türkmenistanda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçer. Bu babatda Türkmenistanyň Mejlisi degişli Karary taýýarlandy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, geljek ýylyň şygaryny şu gün geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa habar berdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan asylly däbe görä, her ýyly döwrebap atlandyrmak ýola goýuldy. Bu däp milli agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyryp, halkymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär.

2024-nji ýylyň şygary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusy nazarda tutulyp, söz ussadynyň 2024-nji ýylda doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň şygarydyr nyşanyny goldady hem-de tassyklady.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni bellendi

TÜRKSOÝ-dan türkmen halysyna ýörite diplom gowşuryldy

“PSŽ” topary Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy

«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetine Eswatinide önümçilik üçin ýer berilýär

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär

ABŞ türkmen tebigy gazynyň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldaýar