TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanda Täze ýyl gijesi awtobuslar sagat 01:00-a çenli işlär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi Täze ýyl baýramy mynasybetli, ilatyň awtoulag hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de awtoulag hyzmatlarynyň hiliniň we medeniýetiniň has-da ýokary bolmagyny üpjün etmek maksady bilen degişli işleri geçirdi.

Şoňa laýyklykda, Aşgabat, Arkadag, Balkanabat, Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerinde şäheriçi, Aşgabat şäherinden Gökdepe we Änew şäherlerine hem-de Gökdepe şäherinden Arkadag şäherine şäherýaka ugurlar boýunça 2023-nji ýylyň 31-nji dekabry sagat 06:00-dan 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwary sagat 01:00-a çenli awtobus hyzmatlary ýerine ýetiriler.

Şeýle hem gije-gündiziň dowamynda taksi hyzmatlarynyň amala aşyryljakdygy barada habar berýär.

Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi