PEÝDALY MASLAHAT

Türkmenistanda elektron wiza bermek bilen bagly täze kadalar kanuna girizilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanuny – Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda Türkmenistanda migrasiýa çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.

Ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryna maglumat tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak, maglumat tehnologiýalaryň howpsuz düzümlerini döretmek, sanly hyzmatlaryň sanyny artdyrmak ýurdumyzyň milli maksatnamalarynda ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda maglumatlary hasaba almak, gaýtadan işlemek we saklamak üçin maglumat ulgamlary döredilýär hem-de olar yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda kanun taslamasynda daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmäge, onuň çäklerinde bolmaga we Türkmenistandan gitmäge, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berýän Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan maglumatlar ulgamynda resmileşdirilýän elektron resminama – elektron wiza bermek bilen bagly kadalar goşulýar.

Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenilen kanunlaryň taslamalary biragyzdan goldanyldy we kabul edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Şengen wizasyna ýüz tutýan raýatlaryň dykgatyna

Bir aýakda durmak synagy: Deňagramlylyk, ýykylyş howpy we ömür dowamlylygy bilen baglanyşykly möhüm görkeziji

Eliň gysyş güýji synagy: Umumy saglyk we ömür dowamlylygyny görkezýän möhüm ölçeg

Sitting–Rising testi: Adamyň biologiki ýaşyny we saglyk ýagdaýyny görkezýän ýönekeý synag

Ýöreme tizligi synagy: Adamyň saglygy we ömür dowamlylygy barada möhüm görkeziji

Türkmenistanda 26-njy ýanwar -1-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty