JEMGYÝET

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky (oturýan ýeri Tokio ş.) Ilçisi A.Baýramow Filippinler Respublikasynyň Ýaponiýadaky Ilçisi hanym Mylene J. Garcia-Albano bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda, Ilçi A.Baýramow hanym Mylene J. Garcia-Albano türkmen-filippin gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan işlerine öz minnetdarlygyny bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary- birek birege ýokary derejedäki saparlary guramak, hukuk binýadyny berkitmek, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ugurlary boýunça, energiýa howpsuzlygy hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk babatda ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar esasan hem, 2026-njy ýylda Filippinler Respublikasynyň ASEAN-e Baştutanlyk edýändigini nazara alyp, “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny döretmek baradaky Türkmenistanyň öňe süren başlangyjyny amala aşyrmakda anyk teklipleriň üstünde işlemegi ylalaşdylar.

 

Related posts

«Arkadag» toparyndan taryhy netije: pleý-off tapgyryna çykdy

Türkmenistanly Döwletjan Ýagşymyradow ACA-nyň çempiony

vepa

Yaşlılar Konseyi 9 Ekimde toplanacak

vepa