DÜNÝÄ

Türkmenistan Osakadaky Bütindünýä sergisine taýýarlanýar

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň, “Belli” hojalyk jemgyýetiniň we Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Ýaponiýanyň Kansaý prowinsiýasynyň Osaka şäherinde geçiriljek Bütindünýä EXPO-2025 sergisine taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanda, bu halkara sergide Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşygy babatynda pikir alyşyldy.

Şu nukdaýnazardan, Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň wekilleri türkmen hyzmatdaşlary bilen bu ugurda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyny bellediler.

Related posts

Dünýäde ilkinji gazet  haçan döräpdir?

Ata Watan Eserleri

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Ukraina Türkmenistana hoşallyk hatlaryny iberdi

Leave a Comment