SPORT

GDA ýurtlarynyň 3-nji oýunlary Azerbaýjanda geçiriler

Belarus Respublikasynyň Milli Olimpiýa Komitetiniň esasynda Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň (GDA) ýurtlarynyň bedenterbiýe we sport geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi, diýip GDA ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Mejlisiň barşynda taraplar 2021-2030-njy ýyllar aralygynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda fiziki medeniýet we sport pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, Geňeşiň 2024-nji ýyldaky iş meýilnamalary we 2025-nji we 2026-njy ýyllarda “Arkalaşygyň sport paýtagty” statusyny aljak şäherleri kesgitlemek baradaky tekliplere garaldy.

Şeýle hem, mejlisde Geňeş agzalary Belarusda GDA ýurtlarynyň dowam edýän 2-nji oýunlary, şeýle hem 2025-nji ýylda Azerbaýjan Respublikasnda geçiriljek GDA ýurtlarynyň 3-nji oýunlaryny guramak meýilnamalary barada maglumat eşitdiler.

Mundan başga-da, Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde çagalaryň arasynda geçiriljek GDA ýurtlarynyň maýyp çagalaryň arasynda geçiriljek Spartakiad, Dostluk oýunlary, “Geljekdäki oýunlar we Arkalaşygyň açyk küşt kubogy” halkara köp görnüşli sport ýaryşy ýaly Arkalaşygyň täze sport ýaryşlaryny geçirmäge taýýarlyk meselelerine garaldy.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy