Dubaý şäherinde geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow sammitde eden çykyşynda öňüni alyş döwlet dolandyryşyna geçmegi teklip etdi.
Häzirki wagtda ählumumy dolandyryş we netijeli ýolbaşçylyk meseleleri halkara hyzmatdaşlyklaryň we bileleşikleriň ulgamyny düýpli özgerdýän barha artýan ählumumy täzeleniş şertlerinde ara alnyp maslahatlaşylýar.
Dünýä geosyýasy, ykdysady, howa we tehnologik krizisleriň utgaşykly täsirine sezewar bolýar. Şeýle şertlerde hyzmatdaşlyk gurallarynyň netijeliligi diňe bir ýüze çykýan wehimlere jogap bermek ukyby bilen däl-de, ilkinji nobatda, howplaryň öňüni almak we hyzmatdaşlaryň arasynda ynamy berkitmek arkaly öňünden hereket etmek ukyby bilen kesgitlenýär.
Ählumumy bileleşikleriň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly hasaplaýan birnäçe amaly başlangyçlarymyzy beýan etmäge rugsat ediň.
Birinjiden, netijeli hyzmatdaşlyk krizisleri dolandyrmakdan öňüni alyş döwlet dolandyryşyna geçmegi talap edýär.
Soňky ýyllaryň tejribesi döwletleriň, köplenç, çylşyrymly ýagdaýlar ýüze çykandan soň öz hereketlerini utgaşdyrmaga mejbur bolýandygyny açyk görkezýär. Bu bolsa wagtynda görülýän öňüni alyş çäreleri bilen deňeşdirilende has uly syýasy, ykdysady we durmuş kynçylyklara getirýär.
Biziň pikirimizçe, irki duýduryş gurallarynyň, öňüni alyş usullaryň we dolandyryş çözgütleriniň alyş-çalyş edilmegine gönükdirilen Öňüni alyş döwlet dolandyryşynyň köptaraplaýyn platformasyny döretmek howplaryň ýitileşen ýagdaýlara öwrülmezden öň azaldylmagyna we hyzmatdaşlaryň arasynda ynanyşmagyň bozulmagynyň öňüni almaga ýardam berip biler.
Biz öňüni alyş döwlet dolandyryşynyň milli, sebit we halkara derejelerde geljekki hyzmatdaşlyk düzümleriniň arhitekturasynyň durnukly bölegine öwrülmelidigine berk ynanýarys, diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belledi.
