Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy Aziýa-2027 Kubogynyň saýlama ýaryşyny Hytaýyň Taýbeý ýygyndysy bilen başlady. Duşuşyk Gaosýunda geçirilip, Aşgabat wagty bilen 15:30 başlandy.
Duşuşykda Türkmenistanyň ýygyndysy 2:1 hasabynda üstün çykdy. Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde 48-nji minutda Elman Tagaýew we 83-nji minutda Ýazgylç Gurbanow tapawutlandy.
Bije çekişligiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş edýär we bu toparçada Taýland we Şri-Lankanyň ýygyndylary hem bolar.
Saýlama oýunlaryň çäklerinde Mergen Orazowyň topary alty oýny geçirer: 2025-nji ýylda bäş we 2026-njy ýylyň martynda bir oýun. Alty saýlama toparçanyň ýeňijileri Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa-2027 Kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ýollanma alarlar.