JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bardy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Aşgabat bilen Wenanyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar düri derejedäki yzygiderli duşuşyklar bilen häsiýetlenýär. Awstriýa Respublikasy Türkmenistanyň ählumumy hopwsuzlygy, energetika durnuklylygy we ulag geçelgelerini ösdürmegi üpjün etmek boýunça öňe sürýän netijeli halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldap, Türkmenistanyň Merkezi Aziýadaky eýeleýän aýratyn ornuny ykrar edýär.

Birnäçe sagatdan türkmen halkynyň Milli Lideri Wena şäherine bardy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Awstriýanyň resmi adamlary garşylady.

 

Related posts

Halk Maslahatynyň Başlygy Samarkant sammitinde çykyş etdi

Türkiýeden Türkmenistana haçan uçar gatnawlary başlaýar?

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan “Bitewi Hytaý” syýasatyny goldaýar

Ata Watan Eserleri