JEMGYÝET

Aşgabatda iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçiriler

2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Iňlis dili” dersi boýunça V halkara internet olimpiadasynyň dabaraly açylyşy bolar. Bu halkara çäre talyplaryň nazary we amaly bilimlerini berkitmek, olarda daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesi artdyrmak hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guralýar.

Halkara bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýänleriň sany we geografik gerimi barha giňeýär. Geçirilen saýlama tapgyrynyň netijeleri boýunça iň güýçli talyplar saýlanyp alyndy. Hasaba alnan 32 döwletiň arasyndan 15 ýurduň wekili bolan 48 sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň ýüzlerçe zehinli talyplary öz bilimlerini synarlar.

Olimpiada iki günüň dowamynda, ýagny 10-11-nji aprel aralygynda bellenen tertipde we Düzgünnama esasynda dowam eder. Onuň dabaraly açylyşy institutyň uly mejlisler zalynda ýerli gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň gatnaşmagynda geçirilip, daşary ýurtly talyplar bolsa döwrebap sanly platforma arkaly onlaýn formatda meýdança birleşerler. Iki günüň dowamynda gatnaşyjylar iňlis diliniň nazaryýeti we amaly ulanylyşy boýunça özara bäsleşip, özleriniň intellektual ukyplaryny we dil baýlyklaryny görkezerler.

Bu halkara bäsleşik ýaşlaryň diňe bir dil baradaky bilimlerini kämilleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylmy-mugallymçylyk gatnaşyklarynyň täze köprülerini gurmaga, özara tejribe alşylmaga we ýaşlaryň arasynda dostlukly aragatnaşygyň berkemegine giň ýol açýar. Sanly ulgam arkaly guralýan beýle bäsleşikler, ýurdumyzyň halkara bilim giňişligine işjeň goşulyşýandygynyň we innowasion ösüşleriň aýdyň nyşanydyr.A,gabatda

Ýene-de okaň

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler