JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti parlament saýlawlaryna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Köpetdag etrabynyň çäginde ýerleşýän Annanyýaz Artykow adyndaky 68-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebindäki 48-nji saýlaw uçastogyna geldi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary giň bäsdeşlik esasynda geçirilýär. Bu gezekki saýlawlar häzirkizaman türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň hakyky demokratik, hukuk döwletini gurmagyň ýolunda ynamly öňe barýandygyny tassyklaýar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň bu gezekki saýlawlara görlen taýýarlyk işlerine kanagatlanma bildirdi. Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möwsümiň guramaçylykly geçmegi, saýlawlarda ses bermek üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmegi ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Munuň özi halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy