DÜNÝÄ

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 17-nji aprelde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (GDA DIMG) mejlisine gatnaşar. Bu barada RF DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa brifingde mälim etdi.

«17-nji aprelde Moskwada Russiýanyň daşary işler edarasynyň ýolbaşçysy GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar» diýip, ol belledi.

Diplomat 2026-njy ýylda Arkalaşykda Türkmenistanyň başlyklyk edýändigini ýatlatdy.

«Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşarlar, hyzmatdaşlyk formatyndaky işiň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda şu ýyl bellenilýän GDA-nyň 35 ýyllygy mynasybetli meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar» diýip, Zaharowa takyklaşdyrdy.

RF DIM-niň resmi wekiliniň belleýşi ýaly, duşuşygyň netijeleri boýunça daşary syýasat utgaşdyrmasyny ýokarlandyrmaga hem-de hukuk goraýjy, medeni we ynsanperwer ulgamlarda özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe çözgütleriň kabul edilmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

Özbegistan-Gazagystan: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça «ýol kartasyna» gol çekildi

Hindistanly raýat 31 ýurtdan 858 sany kagyz guty ýygnap, rekord goýdy

Türkmen zyýaratçylar Saud Arabystanyda gurbanlyk sadakasyny berdi

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

Putiniň Gazagystana sapary: milliardlyk maýa goýumy we sürüjisiz gatnawlar

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy