JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident To Lama tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, Wýetnamyň halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli şertler bar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG – Syýahatçylyk guramasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy