JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary ähli ugurlarda netijeli ösdürilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge uly itergi berer.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl noýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrypdy.

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär.

Özara gatnaşyklaryň gün tertibinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Şunda 2008-nji ýyldan bäri iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmekde netijeli mehanizm bolup durýan «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň alyp barýan işiniň möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Soňky ýyllarda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär. Munuň özi iki ýurduň medeni, bilim ugurly alyşmalary ilerletmäge ygrarlydygyny tassyklaýar. 2023-nji ýylda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bu ugurda yzygiderli iş alyp barmak üçin berk binýady döretdi.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar