BIZNES

Türkmenistan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşýar

Şu ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi geçiriler. Bu abraýly halkara gözden geçirilişe Türkmenistan hem gatnaşýar. Milli sergini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreler görüldi. Pawilýonda daşary ýurtly myhmanlar türkmen medeniýeti, taryhy, şeýle hem döwletimiziň häzirki ykdysady, intellektual, eksport kuwwaty we mümkinçilikleri bilen hemmetaraplaýyn tanyşdyrylar. Ýurdumyzyň Milli gününi ählumumy serginiň çäklerinde 14-nji aprelde geçirmek meýilleşdirilýär.

Serginiň dabaraly açylyşyndan bir gün soňra ýurdumyzyň Milli güni geçiriler. Türkmenistan sergä gatnaşýan 160 ýurduň arasynda bu hormata ilkinji mynasyp bolan ýurtlaryň biridir. Çäräniň dowamynda myhmanlaryň ýurdumyz barada giňişleýin maglumat almaklary täsin arheologik eksponatlaryň, ekologik taýdan arassa dokma önümleriniň sergisi, Watanymyza wirtual syýahat, milli tagamlar we aýdym-sazlar göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, Osakada Türkmenistanyň milli pawilýony gapysyny giňden açar.

Pawilýon eko görnüşinde guraldy. Onuň gurluşygy üçin ýer sergä gatnaşýan ýurtlaryň arasynda Türkmenistana ilkinji bölünip berildi. Şol sebäpli ýurdumyz Döwlet baýdagyny hem ilkinji bolup pawilýonyň çäginde dikdi. Bu waka mundan bir ýarym ýyl ozal bolup geçdi. Pawilýonymyz ählumumy iri çäräniň geçýän ýeri bolan Ýumeşima emeli adasynda ýerleşýär. Häzir bu ada kiçeňräk şäheri ýatladýar.

Ýene-de okaň

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär