JEMGYÝET

Türkmenistan-BMG: çarçuwaly maksatnamanyň täze tapgyry işlenip düzüler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynynyň Ýolbaşçy komitetiniň utgaşykly görnüşdäki mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Çarçuwaly maksatnamasynyň Türkmenistan bilen BMG-niň we onuň edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygynyň ösüşini ulgamlaýyn esasda kesgitleýän esasy resminamalaryň biridigini, şeýle hem onuň bilelikde alnyp barylýan işiň orta we uzakmöhletleýin maksatnamalaryna we meýilnamalaryna esaslanýandygyny bellediler.

Mejlisiň dowamynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynynyň ýerine ýetirilişine gutarnykly baha bermek boýunça maslahatlara, agzalan resminamanyň amal edilişiniň netijeleri boýunça bäş Toparyň her biriniň ýerine ýetiren işlerine hem-de Çarçuwaly Maksatnamanyň 2026-2030-njy ýyllar üçin indiki tapgyryny işläp taýýarlamak boýunça işe garaldy.

Mejlisiň netijelerini jemlemek bilen, R.Meredow Türkmenistanyň DIM-iň mundan beýläk hem pudagara derejesinde resminamanyň işlenip taýýarlanylmagyny utgaşdyrjakdygyna duşuşyga gatnaşyjylary ynandyrdy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda geçirilen maslahat Türkmenistanyň diplomatiýasynyň barha artýan ornuny tassyklady

Türkmen ýaşlary Rumyniýanyň uniwersitetlerine okuwa iberiler

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgatlary gowşurylar

Azerbaýjanyň Ilçihanasy Aşgabatda geçirilen “Diplomatiýa Güni” atly halkara sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele boljak saparyna taýýarlyk görülýär

Ata Watan Eserleri