Türkmenistan bilen Owganystanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmaryň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Taraplar iki döwletiň baştutanlarynyň hem-de daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gepleşikleriň ähmiýetini bellediler.  Jenap Atmar pandemiýa ýagdaýlary döwründe Owganystana iberilen ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistanyň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Golaýda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen üçtaraplaýyn widekonferensiýa gepleşikleriň esasy mazmuny düzdi. Diplomatlar bu gepleşikleriň netijesinde berlen tabşyryklar boýunça pikir alyşdylar hem-de “Lapis-Lazuli” üstaşyr geçelgesini we TOPH taslamasynyň wajyplygyny nygtamak bilen ulag, energetika, telekommunikasiýalar ugurlary boýunça bilelikdäki taslamalaryň ähmiýetini tassykladylar.

Diplomatlar Owganystandaky parahatçylyk gepleşikleri bilen bagly meseleleri, serhetara hyzmatdaşlygyny hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki özarahereketleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Görogly poemasy özbek diline terjime edildi

Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy

Türkmenistanyň medeniýet ministri Bakuda geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy

28-nji Oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili Türkiýede geçiriljek VI Bütindünýä media duşuşygyna gatnaşar

Çalık Enerji — CIET 2026-nyň baş hyzmatdaşy

Türkmenistan bilen Katar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan Dohada Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşdy

Gyrgyzystan 10 sany “Airbus” uçaryny satyn almagy meýilleşdirýär

Hytaý taryhynda ikinji gezek agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

Ata Watan Eserleri

Lamin Ýamal – ýylyň iň gowy ýaş futbolçysy

Ata Watan Eserleri

Russiýa Türkmenistany gaz eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine çagyrdy

OGT 2026: Aşgabat 75 ýurduň wekiliýetini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

CIET 2026: Aşgabatda 60 ýurtdan 800-den gowrak wekil jemlener

Garri Keýn «Altyn top» baýragyna mynasyp boldy

«Täze aý» haryt nyşanly süýdi gaýtadan işleýän önümçilik kärhanasy açyldy

Türkmenistanda täze ýyladyşhana ulanmaga berildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Bitaraplyga bagyşlanan kitabynyň ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy