JEMGYÝET

Habib Nurmagomedowyň kakasy aradan çykdy

UFC ugry boýunça garyşyk başa-baş göreş babatda çempionlyk derejesiniň eýesi russiýaly türgen Habib Nurmagomedowyň kakasy Abdulmanap Nurmagomedowyň aradan çykandygy mälim edildi. Metbugat gulluklarynyň habar bermegine görä, sepsis we beýni ganamasy ölümiň sebäbi bolandygy aýdylýar.

Bu kyn gününde Habib Nurmagomedowa Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Russiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň tälimçisi Stanislaw Çerçesow, Habib bilen tutluşyk geçiren meşhur türgenleriň biri Konor Makgregor we beýleki köp sanly şahsyýetler gynanjyny we duýgudaşlygyny bildirdiler.

Abdulmanap Nurmagomedow Habib Nurmagomedowyň kakasy hem-de tälimçisidir. Ol aprel aýynyň ahyryndan bäri hassahanada bejergi alýardy. Ilkibaşda koronawirusa hem ýolugandygy mälim edilipdi. Ýüregini operasiýa hem edendiklerine garamazdan, Abdulmanap Nurmagomedowy halas etmek başartmady.

Abdulmanap sportuň köp görnüşinde ökde bolsa-da, küşt oýnamagy gaty gowy görýän eken. 2018-nji ýylda ogly meşhurlyk gazanyp başlandan soňra Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen hem duşuşygy boldy.

Abdulmanap Nurmagomedow 27 dünýä çempionyny ýetişdirdi. Onda gaty ýönekeý ýörelgeler bardy: hormat, tertip-düzgün we jogapkärçilik.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar