SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy ýörite uçar gatnawyny amala aşyrýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy ýakynda ýene bir ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu uçar gatnawy Russiýa ugry boýunça amala aşyrylar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda habar berilýär.  Uçar gatnawy 2022-nji ýylyň 20-nji maýynda amala aşyrylar.  Habarda bellenişine görä, giňişleýin maglumatlar “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň kassalaryndan alyp bolar. Biletler 18-nji maýdan başlap satylyp başlandy.

Şu gün habar berişimiz ýaly, 2022-nji ýylyň 27-nji maýda Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Türkmenistan ugry boýunça nobatdaky ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Soňky wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň we Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň ýörite uçar gatnawlarynyň sany köpelýär.

Öň habar berşimiz ýaly, dünýäde Kowid-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawynyň ýokarydygy göz öňünde tutulyp, BAE hem-de Germaniýanyň Frankfurt şäherine howa gatnawyny hepdede 1 gezek, pandemiýadan ozalky alnyp barlyşy ýaly ýola goýmagy göz öňünde tutýar.

 

THY: Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw

Ýene-de okaň

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy