SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Deli şäherine gatnawlar artdyrylar, Pekine azaldylar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 24-nji maýdan Aşgabat-Nýu-Deli uçar gatnawlaryny hepdede 2 gezek, ýagny çarşenbe we perşenbe günleri amala aşyryp başlar. Mundan ozal, bu ugur boýunça gatnawlar diňe ýekşenbe günleri amala aşyrylýardy. Bu barada “orient.tm” neşiri habar berýär.

Aşgabat-Nýu-Deli uçar gatnawlarynyň awiabiletleriniň satuwy “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi saýtynda satuwa çykaryldy. Biletiň bir tarapynyň bahasy 5532 manat 70 teňňe.

Şol bir wagtda Aşgabat-Pekin-Aşgabat ugry boýunça halkara uçar gatnawlaryň ýygylygy 3-nji iýul-28 oktýabr aralygynda azaldylar. Bu aralykda uçar gatnawlary hepdede 2 gezek – anna we ýekşenbe günleri amala aşyrylar. Häzirki wagtda bu ugur boýunça gatnawlar hepdede 3 gezek ýerine ýetirilýär.

Pekin ugry boýunça awiabiletiň bahasy 9047 manat.

Bu babatda goşmaça maglumatlary sorag-jogap telefon belgilerinden alyp bilersiňiz: +99312391717 we 085.

 

MAHABAT

Türkiýä wiza üçin resminamalaryň terjimesinde “Makul Hyzmat” Terjime merkezine ýüz tutup bilersiňiz!

Telefon belgileri:

+993 63 78 96 73 / +993 12 96 48 55

e-poçta salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Web: www.makulhyzmat.com

Poçta salgysy: Aşgabat şäheri Ankara köçesi (Aýtakow-Ýubileýni) A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 401

Ýene-de okaň

“S7 Airlines”:Moskwa bilen Aşgabat arasyndaky gatnawlaryň sany artdyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: içerki gatnawlaryň tertibine düzediş girizýär

Türkmen lukmanlary koreý lukmançylygy boýunça okuw maksatnamasyny tamamladylar

Hytaýyň raýatlary Russiýa 30 gün möhlet bilen wizasyz girip bilerler

Russiýa bilen Saud Arabystany wiza talaplaryny özara ýatyrdylar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy TIACA-nyň işjeň agzasy boldy