DÜNÝÄ

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Nara prefekturasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli çäreleri geçirmek maksady bilen Nara prefekturasyna sapary amala aşyryldy.

Saparyň dowamynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli Nara Bilim uniwersitetinde tegelek stoly we duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Çärä gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, halkyň aýrylmaz maddy we ruhy baýlygy bolan türkmen atlary, ahalteke atlaryny ylmy taýdan öwrenmek, bu tohumy giňden ýaýratmak hem-de onuň halkara derejesindäki abraýyny ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan toplumlaýyn işler bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem Ilçi A.Baýramow Nara şäheriniň häkimi G.Nakagawa, Nara prefekturasynyň häkimi M.Ýamaşita, Nara Bilim uniwersitetiniň prezidenti T.Miýaşita we Nara Milli muzeýiň Baş direktorynyň orunbasary S. Ýoşizawa bilen duşuşyklary geçirdi.

Geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary, hususanda, Nara şäheri bilen doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, medeni-taryhy gatnaşyklary ösdürmek, Nara Milli muzeýi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ykdysadyýet we senagat, bilim, syýatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly Nara Ýaponiýanyň iň gadymy we ilkinji paýtagt şäheridir. Ýaponiýanyň häzirki Premýer-ministri S.Takaiçiniň dogduk mekanydyr.

Ýene-de okaň

Brýusselde Türkmenistanyň üstaşyr-logistika mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy