BIZNES

Türkmen telekeçileri Sianda geçiriljek sergä çagyrylýar

2024-nji ýylyň 5-7-nji dekabr aralygynda Sian şäherinde (Hytaý) geçiriljek 5-nji Günbatar Hytaý sanly ykdysadyýet sergisine Türkmenistanyň wekilleri çagyrylýar. Çäre “Sanly Ýüpek ýoly: integrasiýa we innowasiýa” şygary astynda geçiriler.

Serginiň guramaçylary, bu çäräniň Demirgazyk-Günbatar Hytaýyň sanly ykdysadyýet pudagyndaky iň iri wakasy bolup durýandygyny belleýärler. Öňki sergilere 1000-den gowrak senagat kärhanalary we 72 hökümet wekilçiligi gatnaşyp, jemi myhmanlaryň sany 60 000 adama ýetdi.

Sergi sanly ykdysadyýet pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we kärhanalara daşary ýurt bazarlaryna çykmaga kömek etmäge gönükdirilendir.

Related posts

Türkmen-ukrain işewürlik hyzmatdaşlygy berkidiler

Türkmenistan bilen Germaniýanyň «Horn Glass Industries AG» kompaniýasynyň arasynda Ähtnama gol çekildi.

“EKSPO-2030” bütindünýä sergisi Saud Arabystanyda geçiriler

Ata Watan Eserleri