BILIM

Türkmen okuwçylarynyň Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyndaky üstünligi

Şu ýylyň aprel aýynyň 30-y — maý aýynyň 7-si aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň guramagynda 57-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasy geçirildi. Bu abraýly olimpiada dünýä döwletleriniň 21-sinden zehinli mekdep okuwçylarynyň 113-si, şol sanda Türkmenistandan saýlanan topar gatnaşdy. Türkmen tarapyndan gatnaşan wekilçilikli toparyň düzüminde Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan dört okuwçy we bir mugallym bar.

Ýurdumyzyň zehinli okuwçylaryndan düzülen topara mekdep-internatyň himiýa mugallymy Nazar Mämmedow ýolbaşçylyk etdi. Halkara olimpiadada okuwçylar nazary bilimler we tejribe işlerini geçirmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Begzada Annaýew kümüş, şeýle hem 11-nji synp okuwçylary Ýakup Annaorazow, Yhlas Jumaýew hem-de 10-njy synp okuwçysy Aýgül Atajanowa bürünç medallary gazandylar.

Ýene-de okaň

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekilleri Hindistanda halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezi döredildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

TOHU-da «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi?» atly açyk sapak geçirildi

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi